TM RU EN
Logo

Mary welaýat maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
13.05.2025
2

Dabaraly çäre geçirildi

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň maý aýynyň 13-ne Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Agzybirlik, parahatlyk - ösüşlere badalga” atly tegelek stolyň başyndaky aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Baş Kanunymyzy we Ýaşyl Baýdagymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini, türkmeniň agzybirligini, dost-doganlyk gatnaşyklaryny wasp edýän birnäçe çykyşlar ýerine ýetirildi. Dabaranyň dowamynda “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar diňlenildi. Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

News
13.05.2025
2

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” maý aýynyň 13-ne Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp gelin-gyzlarynyň arasynda “Hormatly Prezidentimiziň millilik ýörelgeleri esasynda talyp gelin-gyzlarda ahlaklylyk, maşgala ojagyna wepalylyk, edeplilik, watansöýüjilik terbiýesini kemala getirmekde nusgalyk göreldesini döretmek” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu wagyz-nesihat duşuşygynda Baýramaly şäher zenanlar bölüminiň, prokuraturasynyň hünärmeleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, saglyk öýüniň lukmany we ýaşuly eneleriň hem-de orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary tarapyndan täsirli çykyşlar diňlenildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň esasy maksady talyp gelin-gyzlarda millilik ýörelgelerini kemala getirmekden ybaratdyr. Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

News
26.04.2025
2

“Open Doors” Day

On April 26, 2025 “Open Doors” day event was held at the financial and economic secondary vocational school of Mary velayat to familiarize students of secondary school in Mary province with the educational institution. On the "Open Doors" day, students of comprehensive secondary schools were given detailed information about the specialties, areas of study, and the exciting life of the secondary vocational school. For prospective applicants tours were organized of the school building, hostel, specialized training and language rooms, and the sports field.

News
26.04.2025
2

“Açyk gapylar” güni geçirildi

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 26-na Mary welaýatynda ýerleşýän umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylaryna okuw jaýyny tanyşdyrmak maksady bilen “Açyk gapylar” güni geçirildi. “Açyk gapylar” gününde umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylaryna orta hünär okuw mekdebiniň hünärleri, okuw ugurlary, mekdebiň gyzykly durmuşy barada giňişleýin maglumat berildi. Geljekki dalaşgärler üçin okuw binasyna, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglaryna, sport meýdançasyna hem-de umumy ýaşaýyş jaýyna gezelençler guraldy.

News
21.04.2025
2

“Tapnote” service

On 18-19 April 2025 in the “International year of peace and trust” a competition was held at the State Energy Institute of Turkmenistan, among youth entitled “ICT Strat-up: Innovate technologies for sustainable development”. Maryam Isayevna Jelalova, second year student in the Mary velayat financial and economic secondary vocational school participated to the competition with her project “Tapnote” service – an innovate method advertising of companies, and she won 1st place in the “Service system” category of the competition. The participant expressed sincere words of gratitude and appreciation to Hero Arkadag and Arkadagly Hero Serdar for the wide opportunities created for learning and creativity.

News
21.04.2025
2

«Tapnote» проект

18–19 апреля 2025 года в Государственном энергетическом институте Туркменистана в рамках года «Международного мира и доверия» был проведён конкурс среди молодёжи под названием «ICT Start-up: инновационные технологии для устойчивого развития». В данном конкурсе приняла участие студентка 2-го курса Марыйской велаятской финансово-экономической средней профессиональной школы Джелалова Марьям Исаевна с проектом «Tapnote» — инновационный метод продвижения компаний. В рамках направления «Сфера услуг» её проект был удостоен первого места. Участница выразила искренние слова благодарности и признательности Герою Аркадагу и Аркадаглы Герою Сердару за созданные широкие возможности для обучения и творчества.

News
21.04.2025
2

“Tapnote” hyzmaty

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” aprel aýynyň 18-19-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýaşlaryň arasynda “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Jelalowa Marýam Isaýewna “Tapnote” hyzmaty - kompaniýalary mahabatlandyrmagyň innowasion usuly atly taslamasy bilen gatnaşyp, bäsleşigiň “Hyzmatlar ulgamy” ugry boýunça I orna mynasyp boldy. Okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdi.

News
19.04.2025
2

A festive event took place

On 19 April 2025, “International year of peace and trust” on the occasion of the National holiday of the Turkmen horse, a festive event was held under the title “Our Motherland is blessed with victories”. The event was held in Mary velayat financial and economic secondary vocational school. In the course of the event, the speakers warmly congratulated the “Galkynysh” National Equestrian games group on their achievements, particularly noting the speed and unique qualities of Akhalteke horses, including their ability to perceive human speech. Afterwards, magnificent songs were performed by the musical group “Bagtyýarlyk joşguny” glorifying the great achievements of our Motherland. At the end of the event, the participants expressed their sincere words of gratitude and appreciation to our Hero Arkadag and Arkadagly Hero Serdar.

News
19.04.2025
2

Состоялось праздничное мероприятие

19 апреля 2025 года в Марыйской велаятской финансово-экономической средней профессиональной школе состоялась торжественная встреча, посвящённая к Национальному празднику туркменского скакуна и проходившая в рамках года «Международного мира и доверия». В ходе мероприятия выступающие тепло поздравили коллектив группы конных игр «Галкыныш» с достигнутыми успехами, особо отметив стремительность и уникальные качества ахалтекинских скакунов, в том числе их способность воспринимать человеческую речь. Эти темы нашли широкое отражение в содержании выступлений. Во время мероприятия прозвучали великолепные песни в исполнении музыкального коллектива «Багтыярлык жошгуны», воспевающие великие достижения нашей Родины. В завершение участники выразили искренние слова благодарности и признательности Герою Аркадагу и Аркадаглы Герою Сердару.

News
19.04.2025
2

Baýramçylyk çäresi geçirildi

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” aprel aýynyň 19-na Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Watanymyz ýeňişlere beslenýär” atly dabaraly duşuşygy geçirildi. Dabaraly duşuşykda çykyş edenler “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňişini dabaralandyryp türkmen ahalteke atlarynyň ýyndamlygyny we olaryň adam diline düşünmegi barada birnäçe çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän ajaýyp aýdymlar diňlenildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.