TM RU EN
Logo

Mary welaýat maliýe-ykdysady

orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
12.10.2026
31

Onlaýn seminara gatnaşyldy

2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda sagat 15:00-da geçiriljek onlaýn maslahatyna gatnaşyldy1. Lukmançylyk maglumat ulgamlarynda kiberhowpsuzlygyň meseleleri we çözgütleri.Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy Daňatarowa Mähri.Geçiriljek webinar bilen bagly maglumatlar ticit.edu.tm saýtynda ýerleşdirilen. Webinaryň salgysy:https://us06web.zoom.us/j/81566193291?pwd=lKEohcZ93i3hP0x1LYwOK780V2j8ch.1Identifikator: 815 6619 3291Giriş kody: 205119

News
09.10.2026
45

“Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny” ýaşlara wagyz etmek maksady bilen “Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy” atly maslahaty geçirildi

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Hormatly Prezidentimiziň parastly baştutanlygynda täze taryhy döwürde gazanylýan ösüşleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň ähmiýetini, şeýle hem Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň wezipelerini, maksadyny, ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen “Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy” atly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň wekilleri hem gatnaşyp, täsirli çykyşlary bilen maslahatyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdylar. Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

News
06.10.2026
34

6-nji oktýabr-Hatyra güni!

6-njy oktýabr- Hatyra güni mynasybetli talyp ýaşlarymyz bilen taryhy-medeni mirasymyzyň gymmatyly bolan ýadygärlikleriniň biri bolan Soltan Sanjar kümmetinde şöhratly geçmişimize zyýarat edildi!

News
01.10.2026
14

Halkara ýaşulylar güni bellenilip geçildi

Halkara ýaşulylar güni mynasybetli hormatly mugallym Türkmenistanyň at gazanan Ykdysadyçysy Sytdyh Meredowy Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň agzybir mugallymlary we talyp ýaşlary gutladylar!

News
30.09.2026
34

Onlaýn seminara gatnaşyldy

2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda sagat 15:00-da geçirilen onlaýn maslahaty:Maşyn kody derejesinde amala aşyrylýan hüjümleri öz wagtynda anyklamak.Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersietiniň Kiberhowpsuzlyk kafedranyň müdiriniň w.ý.ý., t.y.k. Maksat Çüriýew.

News
24.09.2026
31

Diýarymyz Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýyuna bagyşlanan aýdym-sazly çäre geçirildi

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy uly şatlyk-şowhun dabara bilen garşylanýar. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly çäre bellenilip geçildi we ýazgy edildi. Bu dabaraly çärede orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary öz ýürek buýsançlaryny aýdymdyr sazlaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler. Orta hünär okuw mekdebiniň “Bagtyýarlyk joşguny” atly aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň ösüşlerini, özgerişlerini wasp edýän aýdymlara çäräniň dowamynda aýratyn orun berildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdyp, bütin türkmen halkyny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutladylar. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi