2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2026/2027-nji okuw ýyly üçin resminamalar kabul edilip başlandy. Şonuň bilen birlikde Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine hem okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň degişli resminamalary kabul edilýär.