Ýakynda, Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Baky Bitaraplyk baýramçylygynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli “Bitaraplyk-mukaddes gymmatlygymyz” ady bilen talyp ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşige I ýyllyk talyplaryň toparlary gatnaşyp, I orna “Ykdysatçy” topary, II orna “Ruhubelent” topary, III orna “Auditor” topary mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiş gazananlary orta hünär okuw mekdebiniň direktory, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň sowgatlary we “Hormat haty” bilen sylaglanyldy. Bäsleşigiň ahyrynda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.