“Açyk gapylar” güni geçirildi

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 26-na Mary welaýatynda ýerleşýän umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylaryna okuw jaýyny tanyşdyrmak maksady bilen “Açyk gapylar” güni geçirildi. “Açyk gapylar” gününde umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylaryna orta hünär okuw mekdebiniň hünärleri, okuw ugurlary, mekdebiň gyzykly durmuşy barada giňişleýin maglumat berildi. Geljekki dalaşgärler üçin okuw binasyna, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglaryna, sport meýdançasyna hem-de umumy ýaşaýyş jaýyna gezelençler guraldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97