Baýramçylyk çäresi geçirildi

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” aprel aýynyň 19-na Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Watanymyz ýeňişlere beslenýär” atly dabaraly duşuşygy geçirildi. Dabaraly duşuşykda çykyş edenler “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňişini dabaralandyryp türkmen ahalteke atlarynyň ýyndamlygyny we olaryň adam diline düşünmegi barada birnäçe çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän ajaýyp aýdymlar diňlenildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97