“Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça welaýat ders bäsleşigi geçirilýär

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň kanunyny (rejelenen görnüşini) we “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanuny durmuşa ornaşdyrmak hem-de talyplaryň “Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça sowatlylyklaryny artdyrmak maksady bilen geçiriljek welaýat ders bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

I. UMUMY DÜZGÜNLER

Şu Düzgünnama Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda “Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça ders bäsleşigini geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalarynyň döremegi, döwletimiziň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy tebigy we takyk ylmy ugurly dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmek wezipelerini öňde goýdy. Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen “Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýär.

II. BÄSLEŞIGIŇ ESASY WEZIPELERI

Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary dersi boýunça geçiriljek bäsleşigi talyp ýaşlaryň öwrenen bilimlerini döredijilikli kämilleşdirmeklerine, umumy adamzat jemgyýetiniň döreýşine ösüşine we özgerşine akyl ýetirmelerine, dünýagaraýyşlaryny ösdürmeklige hem-de zehinlerini has-da ösdürmäge gönükdirilendir.

III. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI

- “Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersi boýunça ders bäsleşigine Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinden isleg bildiren 3 (üç) talyp gatnaşyp bilýär;
- Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan düzülen test soraglaryndan ybarat bolýar;
- Bäsleşik Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 30-na sagat 13:00-da bellenilen okuw jaýynda geçirilýär;
- Ders bäsleşiginiň netijeleri eminler topary tarapyndan kesgitlenýär.
- Gatnaşyjylara syýa galam getirmäge we ulanmaga rugsat berilýär;
- Gatnaşyjylara aragatnaşyk serişdelerini, elektron-hasaplaýjy tehnikany, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär;
- Bäsleşige gatnaşýan talyplar ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Goşmaça kömek edilen ýa-da geçýän wagty gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşen we kitap-gazet makalalaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylýar;
- Bäsleşige gatnaşjak talyplar we olara berkidilen jogapkär mugallym baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 25-ne çenli aşakda görkezilen görnüşinde word (*.docx) faýlynda marymaliyeohomekdep@sanly.tm, marymaliyeohomekdep@gmail.com salgysyna ugratmaly.

IV. BÄSLEŞIGIŇ EMINLER TOPARY

Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary dersi boýunça ders bäsleşigine eminler topary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan düzülýär.

V. BÄSLEŞIGIŇ JEMINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK

- Bäsleşigiň netijesi şahsy bäsleşikde toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär;
- Bäsleşigiň netijesi beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda gatnaşyjylaryň 30%-i ýeňiji diýip yglan edilýär we olar I, II we III derejeli diplomlar bilen we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanýar.


Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97