“Matematika” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýär

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Mary welaýatynyň orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda “Matematika” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň, tehnikanyň çalt depginler bilen ösmegi, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalarynyň döremegi, döwletimiziň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy takyk ylmy ugurly dersleriň okadylşyny kämilleşdirmek wezipelerini öňde goýdy.
“Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasynyň” çäklerinde Mary welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda “Matematika” dersinden ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
I. Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama Mary welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda “Matematika” dersi boýunça ders bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Ders bäsleşiginiň maksady:
a) Orta mekdepleriň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň bilelikde pikir alyşmalaryny guramak;
b) Häzirki döwürde amalyýetde ýüze çykýan matematiki meseleleri, tejribeleri derňemäge, döwrebap kompýuter tehnologiýalaryny ulanmaga ukyply ýaşlary ýüze çykarmak.
Ders bäsleşiginiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi:
Ders bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.
Ders bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň tertibi
- Bäsleşik 2025-nji ýylyň maý aýynyň 2-ne sagat 9:00-da Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçiriler.
- Ders bäsleşigi orta mekdebiň maksatnamalary esasynda “Matematika” dersi boýunça utgaşdyrylan mysallar görnüşinde geçirilýär.
- Ders bäsleşigine isleg bildiren gutardyş synp okuwçylary gatnaşyp biler.
- Ders bäsleşigine gatnaşjak okuwçylar barada maglumatlary 2025-nji ýylyň 25-nji apreline çenli Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň marymaliyeohomekdep@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.
- Gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar umumybilim berýän mekdebiň adyny, belgisini, gatnaşyjynyň adyny, familiýasyny, atasynyň adyny, telefon belgisini görkezmeli. (Goşundyda görkezilen)
- Ders bäsleşigi şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler.
- Ders bäsleşiginde “Matematika” dersiniň bölümlerinden saýlanyp alnan 6 sany mysallar hödürlenilip, ýumuşlary çözmek üçin 120 minut ( 2 sagat ) wagt berler.
- Arz-şikaýat, ýüz tutmalar Eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözüwi üýtgewsizdir.
Ders bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we olary sylaglamagyň tertibi
- “Matematika” dersi boýunça ders bäsleşigine gatnaşyjylaryň şahsy orunlary toplanan ballaryň jemi boýunça Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär.
- Ders bäsleşigine gatnaşyjylaryň 30%-i I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 64 67 63 18, +993 63 61 28 69.
Email: marymaliyeohomekdep@gmail.com


Goşundy:

T/b Gatnaşyjynyň ady, familiýasy Mekdebiň ady, belgisi Telefon belgisi Ýolbaşçy mugallym Bellik
1.
2.
3.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97