2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda Mart aýynyň 17-den 28-i aralygynda “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV Spartakiadanyň çäginde sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Ýaryş gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary bu ýaryşda I orny eýelediler we ýeňijiler hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Ylmy, bilimi, sporty ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.