“Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça welaýat ders bäsleşigi gecirilýär
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran №340 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” , 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran № 984 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny”, 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran № 2136 belgili Karary bilen tassyklanan “2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny” durmuşa ornaşdyrmak we talyplaryň “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça sowatlylyklaryny artdyrmak maksady bilen geçiriljek welaýat ders bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
I. UMUMY DÜZGÜNLER
Şu Düzgünnama Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça ders bäsleşigini geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalarynyň döremegi, döwletimiziň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy tebigy we takyk ylmy ugurly dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmek wezipelerini öňde goýdy. Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen sanly ykdysadyýet dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýär.
II. BÄSLEŞIGIŇ ESASY WEZIPELERI
Sanly ykdysadyýet dersi boýunça geçiriljek bäsleşigi talyp ýaşlaryň öwrenen nazary we amaly bilimlerini döredijilikli kämilleşdirmeklerine, umumy dünýagaraýyşlaryny ösdürmeklige hem-de zehinlerini has-da ösdürmäge gönükdirilendir.
III. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI
- Sanly ykdysadyýet dersi boýunça ders bäsleşigine Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinden isleg bildiren 3 (üç) talyp gatnaşyp bilýär;
- Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan düzülen test soraglaryndan ybarat bolýar;
- Bäsleşik Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň mart aýynyň 28-ine sagat 13:00-da bellenilen okuw jaýynda geçirilýär;
- Ders bäsleşiginiň netijeleri eminler topary tarapyndan kesgitlenýär.
- Gatnaşyjylara syýa galam getirmäge we ulanmaga rugsat berilýär;
- Gatnaşyjylara aragatnaşyk serişdelerini, elektron-hasaplaýjy tehnikany, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär;
- Bäsleşige gatnaşýan talyplar ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Goşmaça kömek edilen ýa-da geçýän wagty gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşen we kitap-gazet makalalaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylýar;
- Bäsleşige gatnaşjak talyplar we olara berkidilen jogapkär mugallym baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyň mart aýynyň 24-ine çenli aşakda görkezilen görnüşinde word (*.docx) faýlynda marymaliyeohomekdep@sanly.tm, marymaliyeohomekdep@gmail.com salgysyna ugratmaly.
IV. BÄSLEŞIGIŇ EMINLER TOPARY
Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sanly ykdysadyýet dersi boýunça geçirilýän ders bäsleşiginde eminler topary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan eminler topary düzülýär.
V. BÄSLEŞIGIŇ JEMINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK
- Bäsleşigiň netijesi şahsy bäsleşikde toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär;
- Bäsleşigiň netijesi beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda gatnaşyjylaryň 30%-i ýeňiji diýip yglan edilýär we olar I, II we III derejeli diplomlar bilen we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanýar.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Telefon belgi: +993 564 6 92 96, +993 62 30 95 59.
Guramaçylyk topary.