Baýramçylyk dabarasy geçirildi

    2025-nji ýylyň fewral aýynyň 26-yna Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Halkara zenanlar güni – 8-nji mart baýramy mynasybetli “Dünýä nusga el işlerimiz-göreldämiz Ogulabat ejemiz!” atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çäräniň dowamynda mekdebiň “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen milli el işlerini, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe goşgulara we aýdymlara tomaşa edildi. Dabaraly çärä gatnaşanlar öz çykyşlarynda döredip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97