Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

  Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” “Galkynyş” milli at üstündaki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňişleriniň ähmiýetini düşündirmek esasynda  degişli  meýilnamanyň çäklerinde “Şöhratly taryhymyzyň şanly sahypalarynda türkmen milli at üstündäki  oýunlaryň beýany” atly  orta hünär okuw mekdebiniň jemgyýetçilik guramalarynyň, mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň, Mary welaýatynyň Baýramaly şäher birleşmesiniň hünärmenleriniň, Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy, atşynas M. Gurbanowyň , talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi we diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda  oňa gatnaşyjylar döredilýän uly mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97