Ilkinji okuw sapagy

        Milli bilim ulgamynyň halkara derejesinde kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan  ugurlarynyň biri hasaplanýar.
       Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesillere berilýän bilimiň hiliniň we mazmunynyň iň öňdebaryjy  halkara talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde üstünlikli işler alnyp barylýar.
     Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallary netijesinde  “2024-2025-nji okuw ýylynyň II ýarym ýyllygynyň ilkinji okuw sapagy hem ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip geçirildi. Orta hünär okuw mekdebimizde hem   ilkinji okuw sapagynyň üsti bilen mugallymlaryň eden çykyşlarynyň, görkezme esbaplarynyň, taýýarlanylan  maglumatlaryň multimediýa  enjamlarynyň üsti bilen görkezilmegi esasynda  talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
     Ýaş nesillerde Watana bolan söýgüni we wepalylygy terbiýelemek, uly ösüşlere, guwandyryjy üstünliklere buýsanjy has-da dabaralandyrmak maksady bilen Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna sowgat eden “Magtymguly dünýäniň akyldary” atly kitabynyň üsti  bilen hem ilkinji okuw sapagynda birnäçe çykyşlar edildi  we düşünjelerini has-da baýlaşdyrdylar.
      Milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmakda  ýaş nesillere Hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserleri ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär.
   2024-2025-nji okuw ýylynyň II ýarym ýyllygynyň ilkinji okuw sapagy “ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ady  bilen  geçirilmegi esasynda  Garaşsyz Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň dünýäde  halkara parahatçylygyň we dost-doganlygyň  ösdürilmeginiň üsti bilen ykdysadyýetiň hem kuwwatlanýandygy barada talyp ýaşlar giň düşünje aldylar.
       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda  ylymly, bilimli, sagdyn ruhly, giň dünýä garaýyşly kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek biz bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr.
      Türkmenistan ýurdumyzy dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
                                Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi.

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97