Talyp gözeli-2023

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlarynyň arasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň türkmeniň baý geçmiş mirasyna degişli bolan zenanlaryň el işlerini dünýä tanatmakda geçirýän işlerine mynasyp goşant goşmak we  zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen “Talyp gözeli-2023” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik üçünji şertden ybarat bolup talyp gyzlar aýdymdyr goşgular bilen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň waspyny etdiler, türkmen milli tagamy unaşyny kesdiler we şeýle hem özleriniň el işlerini görkezdiler. Bäsleşikde I orna G.Allawerdiýewa, II orna S.Begmyradowa we III orna A.Mämmedowa mynasyp boldular. 

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97