“Sungat we şygryýet” festiwaly geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň gurnamagy esasynda “Sungat we şygryýet” atly festiwaly geçirildi. Jemgyýetiň agzalary sahnada dürli tanslary, gülki sahnalary ýerine ýetirdiler, şygyrdyr aýdymlar aýtdylar we yşarat etmek bilen çykyş etdiler. Bu festiwal mugallymlarda we talyplarda uly täsir goýdy. Eşidiş we görüş kynçylyklary bolan adamlara häzirki zaman dünýäsinde we jemgyýetinde durmuşa uýgunlaşmaga şeýle festiwallaryň ähmiýeti uludyr. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç alsyn! 

Paýlaş

Salgymyz:

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Raýdaşlyk köçesi, 5
Mary velayat, Bayramali sity, st. Raidashlyk, 5
Марыйский велаят, город Байрамали, ул.Райдашлык, 5

Telefon belgiler:
6-92-96, 6-92-97