Okuw-usuly maslahaty geçirildi
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda orta hünär okuw mekdebimiziň açylmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 16-na ýurdumyzyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň we Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň, mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar-nurana geljegi nagyşlar” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahat üç bölümçeden ybarat bolup, her bölümçe-de degişli temalar boýunça çykyşlar edildi we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Okamana we okatmana, öwrenmäne we öwretmäne şeýle mümkinçilikler döredip berýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.